Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele

Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze taslamalary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen alyp gitmek, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi ösüşleriň täze belentliklerine barýan Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ösen ykdysadyýetiň şertlerinde ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, ýaşyl ykdysadyýetiň gerimini giňeltmek we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar.

Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär diýlip bellenmegi aýdylanlaryň kanuny kepilidir.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyz halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän Ekologiýa howpsuzlygy hakynda, Tebigaty goramak hakynda, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda, Ösümlik dünýäsi hakynda, Haýwanat dünýäsi hakynda, Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy, Tokaý kodeksi we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu gün siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäde üns merkezinde saklanýar hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary we ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan çäreler tutuş dünýäde barha giň gerime eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär.Bilşimiz ýaly, bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly abraýly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara ylalaşygynyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk atly Kararnamanyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, şeýle-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi ýurdumyzyň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyz bütin dünýä üçin geljege gönükdirilen ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülmegi üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär.Batly depginler bilen ösýän döwletimiz üçin Pariž ylalaşygynyň çäklerinde zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak bilen bagly öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde düýpli wezipeler öňde durýar.

Türkmenistan howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär.Häzirki wagtda döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi görnetin ýagdaýda peselýär.

Howanyň üýtgemegine garşy hereketleriň gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanda milli derejede metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär.

Özüniň milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly, Türkmenistan howanyň üýtgemeginiň bitaraplygynyň gazanylmagyna ähmiýetli goşandyny goşýar. Şunlukda, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi.

Ilatyň saglygyny ekologiýa howplaryndan goramak bilen bagly iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň daşky gurşawy iň oňat geljegiň bähbidine adamlaryň saglygyny goramagy üpjün etmek arkaly ykdysady ösüşlere mümkinçilik berýändigi baradaky ynamy öňe sürýär.

Muňa mysal edip, Ahal welaýatynda dünýäde ýeke-täk hem-de deňi-taýy bolmadyk, iň döwrebap senagat toplumy bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň Ekologiýa taýdan arassa diýlip ykrar edilmegi aýdylanlara aýdyň subutnamadyr.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar.

Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem-de ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy daşky gurşawy goramak babatda dünýäde alnyp barylýan işlere ägirt uly goşantdyr. Şol maksatnamanyň çäklerinde şäherleriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda täze tokaýlyklar kemala gelýär.

Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, günsaýyn boý alýan tokaý zolaklaryny, ýaşyl öwsüp oturan arçalyklary göreniňde günsaýyn gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanjyň goşalanýar.

Daşoguz welaýatynda Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň töweregindäki düzlüklerde topragyň şorlaşmagy, çölleşmek hadysalarynyň güýçlenmegi, biologik köpdürlüligiň azalmagynyň öňüni almak maksady bilen Bötendag belentliginiň töweregini tokaýlaşdyrmak wezipesi bellenildi. 2013-nji ýyldan bäri Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar meýdanda çöl ösümlikleriniň nahallaryny oturtmak işleri alnyp barylýar.

Bagçylyk işleri boýunça türkmen alymlarynyň maslahatlary esasynda dokuz müň gektara golaý ýerde duzlaşmaga durnukly we topragy berkidiji agaçlar ekildi.Bötendag alaňynda iri möçberli ekologiýa taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen bu sebitiň elektrik geçiriji hem-de suwaryş ulgamlary kämilleşdirildi.

Munuň özi sebitde Aral deňziniň guramagy bilen bagly emele gelen amatsyz ekologik ýagdaýyň täsirlerini azaltmaga, howany zyýanly tozan bölejiklerinden saplamaga, biodürlüligiň baýlaşmagyna, öri meýdanlarynyň giňelmegine amatly şertleri döredýär.

Orazmuhammet DÄDEBAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr