Orsýetiň Orenburg oblastyna eksport edilen türkmen pomidorlary zyýanly mör-möjekler bilen zäherlenen bolup çykdy. Bu barada “Rosselhoznadzoryň” saýty habar berýär.
Pomidor ýükleriniň ýany bilen iberilen fitosanitar sertifikatlarynyň Türkmenistanda berlendigi habar berilýär.
Barlag geçirilende ýükleriň iki tapgyrynda hem howply karantin obýekti temmäki ak ganatlysy (Bemisia tabaci Gen.) ýüze çykaryldy. FGBU “Rosselhoznadzoryň Orenburg referent merkeziniň” hünärmenleri tarapyndan geçirilen labarotoriýa derňewi karantin obýektiniň gurçugynyň we imagosynyň janlydygyny tassyk etdi.
Şundan bir hepde öň Türkmenistanda, azyk önümleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, barlanan önümlere halkra standartlarynda sertifikatlaryň berilmegi üçin mikrobiologiki labaratoriýa açyldy.
Türkmenistanda daşardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin ähli ýerde ýyladyşhana gurulýar, olarda hem içerki bazar, hem-de daşary ýurtlara eksport üçin gök we bakja önümlerini öndürmek planlaşdyrylýar.
