Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şwesiýa BMG-nyň HG-niň Wagtlaýyn Agzalygyna Saýlandy

Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şwesiýa BMG-nyň HG-niň Wagtlaýyn Agzalygyna Saýlandy

Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şwesiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalary hökmünde öz işine başlady.

Ady agzalýan ýurtlar, 2023-2024-nji ýyllarda 15 agzaly geňeşiň wagtlaýyn agzalary hökmünde iş alyp barar.

Ekwador, Ýaponiýa, Malta, Mozambik we Şwesiýa iş möhledi 31-nji dekabrda gutaran Hindistanyň, İrlandiýanyň, Keniýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyn ýerine wekilçilik eder.

Mozambik bilen Şwesiýa ilkinji gezek BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlandy.

Malta 2, Ekwador 4 we Ýaponiýa bolsa 12 gezek bu wezipäni ýerine ýetirdi.

Jemi 15 agzasy bolan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we weto hukugy bolan ABŞ-dan, Hytaýdan, Russiaýdan, Britaniýadan we Fransiýadan ybarat.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyna Garşy Ses Berdi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary işe girişdi
Ýaponiýanyň Premýer ministri Afrika sapar gurar
Britan kompaniýasy adaty bolmadyk ykjam internet ulgamyny hödürledi