El-klasikonyň ýeňijisi - "Real"

El-klasikonyň ýeňijisi - "Real"

"Barselona" Ispaniýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda madridli "Realy" kabul etdi. “Kamp Nou” stadionynda geçen duşuşyk madridlileriň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Hasap duşuşygyň eýýäm bäşinji minudynda açyldy.Karim Benzemanyň başlan hüjümi Federiko Walwerdeniň goly bilen tamamlanyp, "Realy" bada-bat öňe saýlady.Bary-ýogy üç minutdan soň gök-narynçlar hasaby deňlediler.

Goluň awtory ýaş Ansu Fati boldy.Fati häzirki wagtda el-klasikoda iň köp gol geçiren iň ýaş oýunçy bolup durýar.Duşuşygyň ikinji ýarymda Zinedin Zidanyň şägirtleri öňe saýlandy.

Klement Langleniň jerime meýdançasynyň içinde düzgüni bozmagy bilen, 63-nji minutda "Barselonanyň" derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi.Jerime urgyny Serhio Ramos dürs ýerine ýetirip, hasaby 1:2-ä çykardy.

Duşuşygy eminiň jürlewüginden ozal Luka Modriçiň goly jemledi diýmek bolar.Modriçiň hasaby 1:3-e ýetirmegi bilen duşuşygyň ýeňijisi has aýdyň boldy.Oýundan ozal duşuşygyň öňdebaryjysy hasaplanan "Barselona" Ronald Kumanyň tälimçiligindäki ilkinji el-klasikosyny, şeýdip, şowsuz tamamlady.

Oňa derek Zinedin Zidan "yrgyldap duran" tälimçilik kürsüsini has-da "berkitdi". Şeýlelikde, Real Madrid 13 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynyň tablisasynda birinji ýeri eýeledi.Barselona bolsa 7 utuk bilen 10-njy ýerde.

Ýene degişli makalalar

… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
245-nji El Klasikoda Real ýeňiş gazandy
Zidan: "Benzema taryhda iň gowy fransuz hüjümçisi"
"PSŽ" Çempionlar ligasynda ýeňilse, Mbappeni elden gidirip biler
Ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini saýlamakda Türkmenistan kime ses berdi
Sportuň taryhynda şu gün 22-nji dekabr