Ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini saýlamakda Türkmenistan kime ses berdi

Ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini saýlamakda Türkmenistan kime ses berdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) geçen ýylyň iň gowy futbolçylaryna we tälimçilerine baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirdi, onda hünärmenleriň saýlamagynda geçen futbol ýylynyň iň gowy oýunçysy we tälimçisi diýlen ugurlarda baýragyň ýeňijileri yglan edildi.

FIFA-nyň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistandan futbol boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow, şeýle hem sport žurnalisti Aleksandr Werşinin ses berdi.Arslanmyrat Amanow Lionel Messi, Robert Lewandowski we Kriştianu Ronaldu - şu üçüsine ses berdi, žurnalist Aleksandr Werşinin bolsa futbolçylaryň arasynda şulary saýlady: Lionel Messi, Robert Lewandowski, Kewin De Bruýn.

Netijede, eýýäm mälim bolşy ýaly, ýylyň iň gowy futbolçysy kategoriýasynda "Bawariýanyň" hüjümçisi Robert Lewandowski ýeňiji boldy. Ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip, "Liwerpulyň" baş tälimçisi Ýurgen Klopp yglan edildi.Arslanmyrat Amanow bu babatda birinji ýeri Hans-Diter Flike, ​​ikinjini Kloppa, üçünji orny bolsa Zinedin Zidana berdi.

Aleksandr Werşininiň saýlan üçlügi: Hans-Diter Flik, Hulen Lopetegi we Marselo Býelsa.

Ýene degişli makalalar

IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol
Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek