"PSŽ" Çempionlar ligasynda ýeňilse, Mbappeni elden gidirip biler

"PSŽ" Çempionlar ligasynda ýeňilse, Mbappeni elden gidirip biler

"Pari Sen-Žermeniň" (PSG) hüjümçisi Kilian Mbappe parižliler Çempionlar ligasyndan gaýtsa, klubdan gitmäge taýyn diýip, AS neşiri habar berýär. Muny Sputnik gullugy ýetirýär.

Çeşmäniň habaryna görä, 21 ýaşly hüjümçi Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak isleýär we geçen möwsümiň finalynda şowsuzlyga uçransoň, klubuň ýolbaşçylaryndan topary güýçlendirmeklerini sorady. Ýolbaşçylar heniz täze oýunçylara uly möçberde pul sarp edip bilmeýärler.

Olar bar ünsüni Mbappe hem-de Neýmar bilen şertnamalaryň möhletini uzaltmaga gönükdirýärler.Olar bilen baglaşylan şertnamalaryň möhleti bolsa 2022-nji ýylda gutarýar. Şol bir wagtyň özünde, fransuz hüjümçisiniň 2021-nji ýylyň başynda geçiriljek Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda "Barselona" bilen boljak oýundan öň täze şertnama baglaşmak niýeti ýok.

Mbappe topardan giden halatynda Zinedin Zidan bilen işlemek üçin Madridiň "Realyna" geçmäge taýyn diýlip habar berilýär.Mbappe 2018-nji ýyldan bäri "PSŽ-de" çykyş edýär.Häzirki möwsümde ol 15 oýun oýnap, 12 gol geçirdi hem-de sekiz asist etdi.

Ýene degişli makalalar

Mbappeniň tanyşdyryş dabarasyna 80 müň janköýer gatnaşdy
PSŽ öňki super ýyldyzyna 55 million ýewro tölemäge borçly edildi
Ýamal iň ökde ýaş futbolçy, Keýn bilen Mbappe baýragy paýlaşdylar
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Çempionlar Ligasynda 5-nji tapgyryň iň ökde oýunçysy mälim edildi
“The Best FIFA Awards 2025”-iň ýeňijileri mälim edildi