Elektroulag önümçiligine girişýär

Hytaýyň tehnologiýa boýunça ägirt uly kompaniýalarynyň birine öwrülen Xiaomi kompaniýasy elektrik awtoulaglaryny işläp düzmek işi bilen meşgullanjakdyklaryny resmi taýdan yglan etdi. Hytaýyň tehnologiýa ägirdi öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda bu önümçilik üçin 10 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýun habar berdi.

Kompaniýanyň täze golçur kärhanasyna Leý Szýunyň özi ýolbaşçylyk eder. Ilkibaşda 10 milliard ýuan, ýagny 1,5 milliard dollarlyk maýa goýum bilen işe girişmek meýilleşdirilýär.

Bu barada Pekin şäherinde geçirilen maslahatda çykyş eden Leý Szýun bu taslama üçin 3-5 ýyl hem-de köp möçberde maýa goýum gerek boljakdygyny belledi. Ol muny özüniň durmuşyndaky soňky startap, ýagny tehnologik başlangyç boljakdygyny mälim etdi.

Mundan ozal smartfon bazarynyň hem-de beýleki dürli tehnologiýa hem-de halk hojalygynda giňden ulanylýan enjamlaryň önümçiliginde öňdeligi eýelemegi bilen tanalýan bu kompaniýanyň akylly ulag bazaryna aralaşmak baradaky meýilleri barada habarlar ýaýradylypdy.

Xiaomi kompaniýasynyň bu ugurda özüne hyzmatdaş gözleýändigi hem-de ilkinji awtoulagyny 2023-nji ýylda ulanmaga bermegi meýilleşdirýändigi mälim edildi.

Merdandurdy GYLYJOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

The post Elektroulag önümçiligine girişýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Aý emeli hemrasyny synagdan geçirdi
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy
Ýaponiýaly Mizutani bilen Ito garyşykda stolüsti tennis boýunça Olimpiýa çempionlary boldular
Hytaý Mýanma Üçin Çözgüt Teklip Etdi
Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady