Emine Erdoganyň howandarlygynda amala aşyrylýan “Nol zyňyndy” taslamasy globallaşma ýolunda

Emine Erdoganyň howandarlygynda amala aşyrylýan “Nol zyňyndy” taslamasy globallaşma ýolunda

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň BMG-daky liderleriň aýallary diplomatiýasy bilen Nol zyňyndy taslamasynyň globallaşmagy tizleşdi.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda Emine Erdoganyň howandarlygynda amala aşyrylýan “Nol zyňyndy” taslamasynyň globallaşmagynyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň BMG-nyň Baş assambleýasynyň geçen 78-nji sessiýasynyň çäginde Nýy-Ýork şäherindäki Türk Öýünde “Global Nol zyňyndy hereketine tarap” atly çärede “Nol Zyňyndy” taslamasynyň globallaşmagy ugrunda edilen ilkinji ädim bolan "Global Nol zyňyndy hoşniýetlilik beýanyna" gol çekildi.

Çärä gatnaşan Surinam, Bosniýa we Gersegowina, Seýşel adalary, Serbiýa, Bolgariýa, Litwa, Zimbabwe we Sýerra-Leone döwletleriniň liderleriniň aýallary hem "Global Nol zyňyndy hoşniýetlilik beýanyna" gol çekdiler.

"Dünýämizde her minutda 1 million plastik çüýşe ulanylýar"

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan barha artýan plastiki önümleriň ulanylyşyna ünsleri çeken çykyşynda, dünýä derejesinde her minutda 1 million sany plastik çüýşe ulanylýandygyny we şol zyňyndylaryň uly böleginiň deňizlere, okeanlara zyňylyp, janly-jandarlara wehim salýandygyny habar berdi.

Her ýyl öndürilýän 2 milliard tonna öý zyňyndylarynyň, 2050-nji ýylda 4 milliard tonna ýetjekdigini aýdan Emine Erdogan: “Şeýle ýokary sarp ediş derejesi diňe bir zyňyndy meselesini döretmän, şol bir wagtda tebigy baýlyklarymyzyň azalmagyna hem sebäp bolýar” diýip mälim etdi.

Emine Erdogan: “Türkiyede zyňyndy meselesinde başladan tagallalar bilen 6 ýylyň içinde 650 million tonna çig mal maddasynyň ulanylmagynyň öňüni alyp, sirkulýar ykdysadyýete goşant goşduk” diýip belläp, şol möhlet aralygynda 2 müň futbol meýdançasy ululygynda ekin meýdanynyň we 2 milliondan gowrak maşgalanyň ýyllyk suw zerurlygyna barabar suw çeşmeleriniň goralandygyny beýan etdi.

Dünýäni hapalaýan ýurtlara ýüzlenme

Emine Erdogan, Türkiýedäki bu gazançlaryň dünýädäki tendensiýany duruzmak üçin ýeterlik däldigini, esasanam dünýäni hapalaýan ýurtlaryň jogapkärçilikli bolmalydygyny aýtdy.

Şol çäkde BMG-nyň Baş assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Nol zyňyndy hereketiniň esasyny emele getirýän hoşniýetlilik beýanyna gol çekendiklerini aýdan Emine Erdogan: “Biz geljekki nesillere arassa dünýä galdyrmak üçin bu beýannamany taýýarladyk. Şol sebäpden, adamzat maşgalasyny beýannama gol çekip, ertir däl-de, şu gün üýtgeşmäniň bir bölegi bolmagyna çagyrýaryn” diýip nygtady.

Türkiyäniň Pariž Klimat ylalaşygyny goldaýandygyny aýdan Emine Erdogan, 2020-nji ýyla çenli Ýaşyl Klimat gaznasyna berilmeli bolan 100 milliard dollarlyk borçanamanyň entegem ýerine ýetirilmändigini habar berdi.

“Ösen ýurtlaryň dünýä ýetirýän zyýanynyň pidasy bolan Afrika ýurtlary, kiçi ada döwletleriniň we ösmedik ýurtlaryň düzedip bolmajak ýitgilerine we zyýanlaryna biperwaý garaýarlar” diýip aýdan Emine Erdogan, klimat krizisiniň bu ugurda halkara yhlasy we ynam synagy bolmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Türkiyäniň howanyň çalşygyna garşy göreşe we durnukly ösüş meýilnamalarynyň çäginde BMG-nyň Baş assambleýasyna hödürlän “Nol Zyňyndy” karary 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilipdi. Şeýlelik bilen Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň hemaýatkärlik etmeginde alynyp barylýan “Nol Zyňyndy taslamasy” BMG-nyň Baş assambleýasy tarapyndan goldandy.

Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen karar bilen 30-njy mart Halkara Nol Zyňyndy güni hökmünde yglan etdi.

Habar Çeşmesi: TRT Haber

Gepleşigimiziň bu günki sanynda Emine Erdoganyň howandarlygynda amala aşyrylýan “Nol zyňyndy” taslamasynyň globallaşmagynyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
Şahruh Han kino dolanýar
Nol uglerodly ilkinji ýük ulagy
Kristofer Nolan atom bombasyny dörediji barada film surata düşürmekçi bolýar
Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady