Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy

Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen Watikana bardy. Ol Mukaddes Tagtyň binasynda Rim Papasy Fransisk bilen duşuşdy diýip, Asiaplustj.info habar berdi.

Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Rahmon Täjigistanda ähli dinleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.

Soňra täjik Prezidenti Watikanyň Döwlet sekretary, kardinal Petr Parolini bilen duşuşdy. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyndan kanagatlanma bildirdiler. Şeýle-de ählumumy we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Rahmon Watikanyň muzeýine baryp, ol ýerdäki taryhy gymmatlyklary synlady hem-de myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Maradonanyň hatyrasyna Dünýäniň duşuşygy geçiriler
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä ynsanperwer kömekler gelmäge dowam edýär
Watikan, Türkiýäniň Töwellaçylyk Tagallalaryna Kanagatlanma Bildirýär
Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Pim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy