Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen söhbetdeş boldy

Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, global we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Palestina garşy guraýan hüjümleriniň iň tiz wagtda bes edilmegi we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň ot açmazlyk baradaky ýaraşyk kararynyň durmuşa geçirilmegi üçin has köp tagalla edilip, Yslam dünýäsiniň netije alyp biljek derejede jebis bolmagynyň zerurdygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bin Abdülaziz Al Saudy Oraza baýramy bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy
Kuweýdiň Emiri Kasam Edip Wezipesine Başlady
Saud Arabystanynyň ähli mekdeplerinde hytaý dili girizilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady