Kuweýdiň Emiri Kasam Edip Wezipesine Başlady

Kuweýdiň Emiri Kasam Edip Wezipesine Başlady

Kuweýdiň täze emiri Şyh Meşal al Ahmed al Jabir as Sabah kasam edip resmi taýdan wezipesine başlady.

Kuweýdiň resmi KUNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, täze Emir Şyh Meşal üçin Milli Mejlisde kasam ediş dabarasy geçirildi.

Emirlik diwanynyň başlygy Şyh Muhammed al Abdullah al Mubarek as Sabah, 16-njy dekabrda Kuweýdiň Emiri Şyh Newwaf al Ahmed al Jabir as Sabahyň aradan çykandygyny habar beripdi.

Şol gün Kuweýdiň Ministrler kabineti, Mirasdar Şazada Şyh Meşal al Ahmed al Jabir as Sabahyň ýurduň täze Emiridigini mälim edipdi.

Kuweýdiň täze Emiri Şyh Meşal, ozalky Emir Şyh Ahmed al Jabir as Sabahyň 7-nji ogly hökmünde 1940-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda doglupdy.

Kuweýdiň täze Emiri Şyh Newwafyň dogany bolan Şyh Meşalyň 7-nji gyz, 12 çagasy bar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny