Erdogan, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Birinji Üçtaraplaýyn Sammitine Gatnaşýar

Prezident R. T. Erdogan, Türkmenistanda geçirilýän Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň birinji liderler sammitine gatnaşýar.

Liderler Awazada geçirilýän sammitde energetika pudagynyň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşar.

Prezident Erdogan sammitiň öňüsyrasynda özara duşyşyklar geçirdi.

Erdogan ilkinji duşuşygyny Türkmenistanyň Milli Mejlisiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirdi.

Erdogan-Berdimuhamedow duşuşygy ýarym sagat dowam etdi.

Prezident Erdogan soň bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

İki lider duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşdy.

Awaza Kongres merkezinde bolan duşuşykdan soň iki lider sammite gatnaşyjylar bilen ýadigärlik surat aldyrdy.

Prezident Erdoganyň sammitiň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Türkmen Gazynyň Günbataryň Bazaryna Akdyrylmaga Başlanmalydygyny Beýan Etdi
Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary
Türki döwletlerde bolup geçen esasy wakalar
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şwesiýanyň Premýer ministri Türkiye bilen bagly beýannama berdi