Türki döwletlerde geçen hepde öňe saýlanan wakalaryň başynda Türkmenistanda geçirilen Üçtaraplaýyn sammit durýar. 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Awaz syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn Sammiti geçirildi.
Awaza Maslahatlar merkezinde geçirilen sammitiň ahyrynda söwda, ylym, bilim, medeniýet, gümrük, energetika we ulaglar pudaklarynda 5 ylalaşyga gol çekişildi.Sammit hakynda 25 maddalyk bilelikdäki Jarnama çap edildi.Prezident R.T.Erdogan sammitde sözlän sözünde türkmen tebigy gazynyň günbataryň bazarlaryna akdyrylmagy üçin işe girişmegiň wagtynyň gelendigini beýan etdi.
Üç ýurduň prezidentleri Awazada özara duşuşyklar geçirdiler. Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky bar bolan güýçli arkalaşygy berçinleşdirjekdigini we türki dünýäni birikdirme hem-de bitewileşdirme tapgyrynda geljek üçin edilen iňňän möhüm başlangyçdygyny beýan etdi.
Üçtaraplaýyn sammitden ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň orunbasary Sardor Umurzakowy kabul etdi. 12-nji dekabrda geçirilen duşuşykda özara we sebitara meseleler seljerildi. Özbegistanyň üçtaraplaýyn sammit bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtmak ýerlikli bolar.
2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda köp sanly azerbaýjanly we daşky gurşaw aktiwistleri Ermenistandan Daglyk Garabaga barýan ýeke-täk ýol bolan Laçyn geçeljegisini gatnawa ýapdy.Demonstrantlar Garabagdaky tebigy baýlyklaryň bikanun ýagdaýda peýdalanylmagynyň öňüniň alynmagyny we onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlarynyň ortadan aýrylmagyny talap edýärler.
Garabagyň altyn we käbir gymmatly daş magdanlary rus, Kanada we iňlis firmalary tarapyndan dolandyrylýar.Resmi Bakuw, azerbaýjanly bilermenler tarapyndan sebitde gözegçilik işleriniň geçirilmegi hakynda karara gelipdi, emma wekiliýetiň iş alyp barmagyna rus parahatçylyk güýji ýol bermändi.
Waka sebäpli Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Russiýa nota beripdi.Sebitde ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar.
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Duşuşykda Türki döwletleriň guramasynyň gün tertibindäki meselelere garaldy.
Hd! Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow türki döwletlere saparyny dowam etdirýär. Üstümizdäki aýyň 12-sinde Minnihanowuň Bursa guran saparynda Türkiýe-Tatarystan İşewürler maslahaty geçirildi.
13-nji dekabrda Gazagytanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy kabul etdi. Duşuşykda özara gatnaşyklary hasam ösdürmegiň şertleri hakynda pikir alyşyldy. Prezident Minnihanow Gazagystanyň Saran şäherinde Tatarystanyň 400 million dollarlyk maýa goýum bilen furlan teker zawodunyň önümçilige başlandygyny beýan etdi.
Görşüňiz ýaly geçen hepde Türki döwletler üçin depginli geçdi. Üçtaraplaýyn sammit we işewürler maslahaty, goýulan ikitaraply maýa goýumlar Türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär.
