Erdogan Ýer Titremelerde Ýykylan Şäherleri Gysga Möhletde Dikeltjekdiklerini Aýtdy

Erdogan Ýer Titremelerde Ýykylan Şäherleri Gysga Möhletde Dikeltjekdiklerini Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan, Milletçi hereket partiýasynyň Başlygy Dewlet Bahçeli we Beýik bileleşik partiýasynyň Başlygy Mustafa Destiji bilen ýer titremelerde zyýan çeken Malatýa welaýatynyň Doganşehir etrabynda iş saparynda boldy.

Türkiýäniň adamzat taryhynyň iň agyr tebigy apatlaryndan birini başdan geçirendigini nygtan Erdogan, ministrleriň, edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň, meýletinleriň we iň esasysy milletiň içgin tagallasy hem-de goldawy bilen gysga möhletde şertleriň kadalaşmaga başlandygyny aýtdy.

Ýer titremede ejir çekenleriň ähli zerurlyklarynyň kanagatlandyryljakdygyny beýan eden Erdogan; “Halkymyza howp salýan ähli binalary ýykyp, ýerine has çydamly ýerlerde tazesini gurup, halkymyza gowşurarys” diýdi.

Ýer titremelerde ýykylan şäherleri gysga möhletde gaýtadan dikeltjekdilerini beýan eden Erdogan; “Geçmişde onuň hötdesinden birnäçe gezek geldik. Elazyg, Malatýa, İzmir, Düzje, Wan ýer titremelerinde, Antalýadaky we Mugladaky ýangynlarda, Kastamonudaky, Sinopdaky, Bartyndaky we Giresundaky sil apatlarynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň hüjümleri sebäpli haraba öwrülen şäherdir etraplarymyzda onuň hötdesinden geldik. Raýatlarymyza beren sözümizde elmydama durduk” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny