BMG-nyň 78-nji Baş Assambleýasynyň başlygy Dennis Frensis, Ermenistanyň Azerbaýjanyň territoriasyna basyp alyşlyk döwründe goýan minalaryna alada bildirýändiklerini nygtady.
Frensis, sentýabr aýynyň 19-26-y aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasyndan soň metbugata beýannama berdi.
Ermenistanyň, Azerbaýjanyň territoriasyna basyp alyşlyk döwründe 1 million mina goýandygy we minalaryň ýerleri barada hiç hili maglumat bermändigi baradaky soraglara jogap beren Frensis “Bu meselä alada bildirýäris” diýdi.
Halkara hukuk kadalaryna laýyklykda çaknyşyklarda käbir ýaraglaryň ulanylmaly däldigine ünsi çeken Frensis, “Çaknyşýan taraplara halkara hukuk kadalaryna laýyklykda jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekleri üçin çagyryş berýärin” diýip belledi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajyýew,“1991-nji ýyldan bäri azerbaýjanly 3 müň 385 adam Ermenistanyň goýan minalary sebäpli ýogaldy. Ermenistan we bikanun ýaragly güýçleri, Ermenistanda öndürlen minalary “çal zolaga” ýerleşdirmäge dowam edýär” diýipdi.
