Ersin Tatar ABŞ-da Saparda Boldy

Ersin Tatar ABŞ-da Saparda Boldy

DKTR-nyň Prezidenti Tatar Kipriň grek böleginiň “Kiprde täze bir gepleşik tapgyry geçiriljek” düşünjesini emele getirmäge çalyşýandygyny beýan edip, adada iki tarapyň arsynda ylalaşyk şertiniň ýokdugyny gönüden BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe düşündirendigini aýtdy.

Grek tarapynyň “Kiprde täze bir gepleşik tapgyry geçiriljek” düşünjesini döredendigini beýan eden Tatar, ABŞ-na guran sapary bilen şol düşünjäni ortadan aýyrandyklaryny nygtady.

Tatar BMG-niň Baş sekretarynyň Şahsy wekili Maria Angela Holguin Juelaryň Kiprde taraplaryň arasynda ylalaşyk şertiniň bolup bolmandygyny öwrenýändigini ýatlatdy.

Adada iki tarapyň arasynda ylalaşyk şertiniň bolup bolmandygyny gönüden BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe düşündirendigini aýdan Tatar, duşuşan ýolbaşçylarynyň ählisine Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň özygtyýarly deňlik we deňderejeli halkara hukuk derejesiniň tassyklanmagy ugrundaky syýasatyny düşündirendigini beýan etdi.

Tatar: “Embargolaryň we çaklendirmeleriň dowam edýän döwründe bize gysyş edip, gepleşik stoluna oturtmaga çalyşýandyklary göz öňünde tutulanda, onuň ýalňyş boljakydygyny, muny kabul etmejekdigimizi, täze bir syýasat alyp barýandygymyzy we şol syýasatyň hem iňňän açyk we kesgitlidigini beýan etdik” diýdi.

Gurettirişiň Kipriň türk tarapynyň çemeleşmesine sarpa goýýandygyny, zor bilen haýsydyr bir tapgyrynyň başlap bilmejekdigini nygtandygyny aýdan Tatar, gepleşikler meselesinde Kipr türkleriniň berlen hukuklarynyň ykrar edilmegi bilen netije alynyp bğilinjekdigini degişli taraplara ýetirendigine ünsi çekdi.

Ersin Tatar, indi Kiprde ylalaşyk gazanylmaly bolsa, onuň DKTR-nyň ykrar edilmeginden geçýandigini nygtap, hukuklary meselesinde asla egilşik etmejekdiklerini we “özygtyýarly deňlik we deň halkara hukul derejeli” syýasatyndan yza gaýtmajakdyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä howa sammitine gatnaşýar
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär