ESCAP-nyň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi

ESCAP-nyň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi

Bangkok şäherinde geçirilýän Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak atly Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 24-nji aprelde bolan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ESCAP-nyň ýanyndaky wekilleri we Komissiýanyň bilermenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Aral deňziniň meseleleri we onuň ýetirýän zyýanly täsirlerini gowşatmak, şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan anyk işler boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň wekiliýeti ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar