Türkmenistanyň wekiliýeti ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

24-nji aprelde Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň çäklerinde maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy ESCAP bilen netijeli gatnaşyklar barada bellemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň maksatlaýyn gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny we ESCAP-nyň 79-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandyklary üçin, ýolbaşçylyga we sekretariata minnetdarlygyny bildirdi.

Taraplar ýakyn wagtda ESCAP bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Ýerine ýetiriji sekretar A.Alisjahbana Geňeşiň 80-nji mejlisine gatnaşandygy üçin, türkmen wekiliýetine minnetdarlyk bildirdi we ESCAP-yň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ESCAP-nyň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi
Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
Gazagystanda garly tupan başdan geçirilýär
Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy
Alem Sport dükanlar tory harytlaryň giň assortimentini 12 aý garaşaryna hödürleýär