Eýran, Russiýa Ukraina garşy ulanmak üçin ýarag bermändiklerini aýtdy

Eýran, Russiýa Ukraina garşy ulanmak üçin ýarag bermändiklerini aýtdy

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan Russiýanyň Ukraina garşy guralýan hüjümlerinde ulanmak maksady bilen Eýrandan ýarag alandygy barada Kiýew tarapyndan hiç hili ynandyryjy subutnamanyň hödürlenmändigini habar berdi.

Dawosda geçirilen Bütindünýä Ykdysady forumda çykyş eden Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan mundan başgada ABŞ-ny Eýranyň Ukraina uruşyna goşulyşýandygy barada ýalan töhmet atmak bilen günäkärledi. Eýranly ministriň habar bermegine görä ol günäkärlemeler beýleki ýurtlary Eýrana garşy meçew bermek tagallasyndan ybaratdyr.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan mundan başgada 1 ýyl ozal ukrainaly kärdeşlerine Russiýanyň Eýran önümi bolan dronlary we ýaraglary ulanandygy baradaky subutnamalar bermegini teklip edendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Abdullahiýan: "ABŞ-na Ysraýyla edilen hüjüm barada duýduryş beripdik" diýdi
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi
Eýranyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary başlandy