Eýran Türkmenistana gurluşyk materiallaryny teklip etdi we türkmen gazynyň swap boýunça akdyrylyşyny köpeltjekdigini aýtdy

Eýran Türkmenistana gurluşyk materiallaryny teklip etdi we türkmen gazynyň swap boýunça akdyrylyşyny köpeltjekdigini aýtdy

Eýranyň DIM-niň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari we Türkmenistanyň DIM-i Raşid Meredow bilen 15-16-nji awgustda Awazada geçen ýygnagyň çäginde duşuşdylar.

Bu ýygnak deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň lojistik ýollaryny giňeltmäge bagyşlandy.

Eýranyň DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, taraplar şu ýylyň iýunynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana saparynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegi maslahatlaşdylar.

Safari söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi teklip edip, Eýranyň Bender-Abbasdaky we Çehbaharadaky portlaryny Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny we Türkmenistan arkaly eýranyň harytlaryny daşamak bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

Ol Tähranyň we Aşgabadyň nebit-gaz pudagy, şol sanda, swap ylalaşygy boýunça türkmen gazyny goňşy döwletlere daşamak boýunça hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiligini hem belledi.

Şeýlede Safari salgydy arzanlatmagyň, Bajygyran bazaryny,şol sanda, Horasan welaýatyndaky serhet geçiş nokadyny täzeden açmagyň zerurdygyny sözüne goşdy.

Meredow agzalan teklipler bilen ylalaşýandygyny we iki ýurdyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurdygyny belledi.

“Tähran Times” Mehdi Safariniň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy boýunça wise-premýeri Annageldi Ýazmyradow we senagat, energiýa boýunça wise-premýeri Çarymyrat Pürçekow bilen duşuşandygyny habar berýär.

Eýranly diplomat ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny nygtady we Eýranyň Türkmenistana gurluşyk materiallaryny bermäge, energiýa pudagy boýunça hyzmatlara taýýardygyny aýtdy.Şeýlede Eýranyň şirketleri elektrik merkezlerde remont işlerini etmäge taýýar.

“Pürçekow bu teklipleri goldady we iki ýurdyň energiýa, oba hojalyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurdygyny nygtady” diýip neşir ýazýar.

Türkmenistanyň DIM-gi duşuşyk barada habar bermeýär.

2022-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan swap ylalaşygy boýunça Eýran arkaly Azerbaýjana gaz akdyrmaga başlady.

Bar bolan ylalaşyk boýunça şeýle ýol bilen ýylda Azerbaýjana 1-1,5 milýard inedördül metr türkmen gazy akdyrylar.

Iýunda Eýranyň nebit ministri Jawad Oudji Azerbaýjanyň bu gazyň akdyrylyşyny iki esse artdyrmagy teklip edýändigini aýtdy.

2017-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmagyny “Türkmengazyň” we Eýranyň gaz şirketleriniň arasyndaky jedeller sebäpli togtadypdy.

2018-nji ýylda taraplar birek-biregi Halkara Arbitraj kazyýete berdiler. Çak bilen 2020-nji ýylda kazyýet Türkmenistanyň haýryna karar kabul etdi.(emma taraplaryň hiç biri karary açmadylar). Türkmen tarapy normadan artykmaç gaz alan Eýranyň 1,8 milýard dollar karzyny tölemegini talap edipdi.

2021-nji ýylyň ýanwarynda taraplar türkmen gazynyň akdyrylyşyny täzeden ýola goýmagy maslahat etmäge başladylar. Eýran tarapy karzyny barter boýunça-deňiz ýalpaklaryndaky hem ýerastyndaky ýataklary işläp taýýarlamak üçin injener we tehniki hyzmatlar, nebit-gazy arassalamak hem täzeden işläp bejermek boýunça teklip etdi.

Soňra Jawad Oudji karzyň şol sanda, Eýranyň Yraga akdyran gazy üçin bergileriň hasabyna hem tölenjekdigini gürrüň berdi.The post Eýran Türkmenistana gurluşyk materiallaryny teklip etdi we türkmen gazynyň swap boýunça akdyrylyşyny köpeltjekdigini aýtdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyşy boldy, Türkmenistanyň Prezidentine Goşun generaly harby ady dakyldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan 1,25 mln tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň prezidenti gurluşyk boýunça wise-premýerini täzeledi
Aşgabadyň ýaşaýjylary suw üçin tölegleri telefon arkaly töläp biler
Aşgabatda suw arassalaýjy desga gurulýar
Türkmenistanyň prezidenti obalardaky hususy jaýlaryň arhitekturasyny tankytlady