Eýranda tälim uçary ýere gaçdy

Eýranda tälim uçary ýere gaçdy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habarlara görä, Peýam howa menziliniň Jemgyýetçilik gatnaşyklar müdürligi tarapyndan waka bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berildi.

Beýanatda: "Kereç şäherindäki Peýam howa menzilinde tälim uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy" diýip habar berildi.

Uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy barada maglumat berilmedi, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Türkmenistan we Eýran adaty ýük gatnawyny gaýtadan dikeldýär
Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýranyň Kirman şäherinde partlama boldy
Eýranda Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodda Ýangyn Boldy