Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi

Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi

Eýranda düýn, ýekşenbede 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi. Baýramçylyk ýörişleri ýurduň şäherleriniň 1,4 müňden gowragynda we 35 müň obasynda geçdi diýip, Tasnim habarlar gullugyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.

Tähranda ýörişe gatnaşyjylar Azadi meýdançasyna ýygnandylar, bu ýerde ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi çykyş etdi.

Şäher baýdaklar, çagyryşlar bilen bezeldi. Tasnim habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, çärelere ýüzlerçe daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda syýasatçylar we alymlar gatnaşdy, baýramçylygyň geçişini Eýranyň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň 7,3 müňden gowragy beýan etdi.

Yslam rewolýusiýasy Eýranda 1978-1979-njy ýyllarda boldy. 1979-njy ýylyň 1-nji aprelinde ýurt Eýran Yslam Respublikasy diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi
Eýran dokuz sany nebithimiýa kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär
Eýranyň wekili: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi terrorçylyga garşy göreşe agyr zarba urdy
Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlygy we Talyban hökümetiniň Saglyk ministriniň Ženewada duşuşygy
Eýranyň mejlisi işlerine arakesme berdi