Fahrettin Altun "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi

Fahrettin Altun "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun paýtagt Ankara şäherinde Anadoly habarlar agentligi tarapyndan geçirilen "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyl tarapyndan Gazada aç-açan genosid edilýändigini aýdan Fahrettin Altun: "Ysraýyl gyrgynçylyklaryny gizlemek üçin uly tagalla edýär" diýip mälim etdi.

Kommunikasiýalar edarasy hökmünde Ysraýylyň dezinformasiýalaryny ýüze çykarandyklaryny, ýalan-töhmetleirni ýeke ýeke anyklandyklaryny aýdan Fahrettin Altun: "Dezinformasiýa garşy göreş merkezimiz 7-nji oktýabrdan şu günki güne çenli 200-e golaý dezinformasiýany ýüze çykardy" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Koja: "Gazadan üçünji ewakuasiýany amala aşyrarys" diýdi
Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär