Dünýä belli FIFA atly futbol oýnunyň ady üýtgedi.Kanadanyň “EA Sports” (Electronic Arts) şereketiniň önümi bolan oýnuň ady 2023-nji ýyldan soň “EA Sports FC” bolar.
Oýny öndüriji şereket bilen Halkara futbol federasiýalar bileleşigi, ýagny FIFA-nyň arasyndaky şärikdeşligiň, şertnamanyň tamamlanmagy sebäpli oýnuň ady üýtgedildi. 1993-nji ýyldan bäri FIFA ady bilen öndürilýän oýnuň diňe adynyň üýtgändigini, beýleki zatlaryň ählisiniň öňküligine galandygy habarda aýratyn bellenilýär. Ýagny oýnuň düzümindäki Ultimate Team, Career Mode, Pro Clubs и VOLTA ýaly režimleriň dowam edýändigi, şol sanda 19 müň futbolçynyň, 700 toparyň, 100 stadionyň hem-de 30 liganyň ýene-de boljakdygy habar berildi.
