Filippinileriň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

9-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Roberto Manalonyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işiniň türkmen-filippin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.

Diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen doly göwrümli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdygyny belledi we şu nukdaýnazardan Filippinler Respublikasy bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Taraplar abraýly sebit we halkara gurluşlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Filippinleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini hem bellediler.

Ýene degişli makalalar

Mejlisiň Başlygy Filippinler Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Filippinleriň täze bellenilen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň ilçisi akkreditirlendi
Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
Ýaponiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Filippinler Respublikasyna diplomatik wezipä bellenildi