Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň ilçisi akkreditirlendi

9-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Filippinleriň doly ygtyýarly wekili öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar.

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Onuň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi