Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň geçen dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, şeýle-de beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar --- aprel aýlary aralygynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly kanun taslamalaryny taýýarlamaga hemişe aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek bilen, parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy bellenildi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar --- aprel aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň hasabat döwründe 6,3 göterime deň bolandygy barada aýdyldy.

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany şol çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Ýene degişli makalalar

Mejlisiň başlygy ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi