Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, halkara gatnaşyklar, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow 3 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar
Mähirli gutlaglar