Serdar Berdimuhamedow 3 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow 3 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün 6-njy aprelde sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde hasabatlar diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletiň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýdyp, bu ugurda döwletiň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar --- mart aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigi barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow aprel aýynda-da ýurtda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy hem-de olara talabalaýyk taýýarlyk görmegiň we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutany hemmeleri 7-nji aprelde ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady.

Hökümet mejlisine gatnaşyjylar hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglaryny beýan etdiler.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar