Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn 25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, Bedenterbiýe we sport hakynda, Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda, Tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi