Mejlisiň Başlygy Filippinler Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Mejlisiň Başlygy Filippinler Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Filippinler Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna iberen bagtyýarlyk, ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de diplomata Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi, onuň döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunda özara düşünişmegi we ynamy berkitmek, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalo ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrylmagy ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Filippinileriň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Filippinleriň täze bellenilen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň ilçisi akkreditirlendi
Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi