Filmlerde çagalary bilen surata düşen ýyldyz artistler

Islendik kärde-de “Ata kesbi ogla halal” diýen ýörelgä eýerýänler bolup, sungatyň dürli ugurlarynda bu giňden ýaýrandyr.

Kino sungatynyň merkezi hasaplanýan “Hollywood”-da birnäçe meşhur artistiň çagalary hem öz kakasydyr ejeleriniň ýoluny saýladylar. Şolaryň arasynda kakasy ýa-da ejesi bilen bir filmde keşp janlandyran artistler hem bar. Ýagny meşhur aktýordyr aktrisalaryň käbirleri öz çagalary bilen bir filmde surata düşdi.

Şolaryň biri irki ýyllaryň meşhur aktrisa Blaýt Danner bolup, ol öz gyzy, oskarly meşhur aktrisa Gwinet Paltrow bilen 2 ekran eserinde surata düşdi.Eneli-gyzyň ilkinji ekran eseri 1992-nji ýyldaky “Cruel Doubt” atly gysga göwrümli serialdyr. 2003-nji ýylda ekranlara çykan “Silwiýa” (Sylvia) filminde hem baş keşbi Gwinet Paltrow janlandyryp, ejesi Blaýt Danner kinoda-da onuň ejesiniň keşbini ýerine ýetirdi.

Kino sungatynyň özboluşly aktýory Jonni Depp hem soňky döwürlerde tanalyp başlan gyzy, “The Idol” serialy bilen meşhurlyga ýeten Lili-Rouz Depp bilen 2 filmde surata düşdi. 24 ýaşyndaky aktrisa ilkinji 2 ekran eserinde, ýagny “Ýabany diş” (Tusk, 2014) hem-de “Ýoga edýänler” (Yoga Hosers, 2016) filmlerinde kakasy bilen kameranyň garşysyna geçipdi.

Dünýä belli aktrisa Anjelina Joli hem kakasynyň kärini ýöredýän sungat işgärleriniň biri bolup, ol tanymal aktýor Jon Woit bilen bir filmde ekrany paýlaşypdy. 2001-nji ýylda ekranlara çykan “Lara Croft: Tomb Raider” filminde Joliniň kakasynyň keşbini onuň hakyky durmuşdaky kakasy Jon Woit janlandyrypdy. Şol sanda oskarly aktrisa Joliniň özi hem gyzy Wiwien Joli-Pitt bilen “Malifisenta” (Maleficent, 2014) filminde surata düşdi. Şonda ýaşajyk Wiwien Auroranyň keşbini janlandyrýar.

2014-nji ýylda pajygaly ýagdaýda aradan çykan meşhur aktýor Robin Williams hem gyzy Zelda Williams bilen “D-niň öýi” (House of D) komediýa filminde bile surata düşüpdiler.

21 dalaşgärlik bilen Oskara iň köp dalaşgär görkezilen aktrisa Meril Strip hem bu özboluşly duýgyny başdan geçiren artistleriň biridir.Oskar heýkeljikleriniň 3-siniň eýesi Meril Strip “Riki we Fleş” (Ricki and the Flash) atly 2015-nji ýylyň önümi bolan filmde Riki atly rok ýyldyzynyň keşbini janlandyrypdy. Şonda aktrisanyň gyzy Mami Gammer hem oňa ýoldaşlyk edipdi.

Olar hakyky durmuşda bolşy ýaly filmde-de ejeli-gyzyň keşbini ýerine ýetiripdiler.

Irlandiýaly belli aktýor Brendan Glison hem bu sanawa goşulanlaryň biridir.Iki ogly hem aktýor bolan Brendan Glison uly ogly Domnall bilen meşhur “Harri Potter” filmleriniň 7-njisinde (Harry Potter and the Deathly Hallows Part 1) surata düşüpdiler.

Hemmä mälim bolşy ýaly, Brendan Glison “Harri Potter” filmlerinde ýekegöz professoryň Alastor Mudiniň keşbinde çykyş edipdi.Ogly Domnall bolsa Bill Wizliniň keşbini ýerine ýetirdi.

Oskarly aktýor Will Smit hem ogly Jaden Smit bilen 2 filmde baş keşpde surata düşdi.Olar 2006-njy ýyldaky “Rowaçlyk ugrunda göreş” (The Pursuit of Happyness) hem-de 2013-nji ýyldaky “Dünýä: täze başlangyç” (After Earth) filmlerinde ataly-ogluň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrdylar. Şol bir wagtyň özünde aktýoryň gyzy Willow Smit kakasynyň baş keşpde surata düşen 2007-nji ýyldaky “Men rowaýaty” (I Am Legend) filminde kinonyň baş gahrymany, ýagny Will Smitiň gyzynyň keşbinde çykyş etdi.

Ussat aktýor, Oskaryň baýragynyň 2 gezek eýesi Tom Hanks hem ogly Kolin Hanks bilen 2 filmde surata düşýär. 45 ýaşyndaky Kolin karýerasynyň ilkinji filminde kakasy bilen “Ine seň edýäniň!” (That Thing You Do!, 1996) atly komediýada kiçeňräk keşbi ýerine ýetirýär.

Ussat aktýoryň ogly bilen 2-nji kinosy 2008-nji ýyldaky “Beýik Bak Howard” (The Great Buck Howard) filmidir.Bu filmde Tom ogly Kolinsiň kakasynyň keşbini janlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
DÇ-2022: Portugaliýanyň üstünden gazanylan ýeňiş Koreýany pleý-off tapgyryna çykardy
Dünýäniň çempionlarynyň ikisini ýeňen Ýaponiýa wise-çempiondan asgyn geldi
Braziliýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Iň gymmat “milanly” hem-de italiýaly futbolçy boldy
Mete Gazoz Mergenlik Çempionadyndan Çärýek Finala Çykdy