Ispaniýanyň ýygyndysynda mejbury ýagdaýda oýunçy çalşyryldy

Dünýä Kubogynyň başlamagyna 2 gün galanda, ýene bir futbolçynyň şikes alandygy habar berildi. Çempionlygyň dalaşgärlerinden hasaplanýan Ispaniýanyň ýygyndysynyň goragçysy Hose Gaýýa (“Walensiýa”) şikes aldy we sanawdan çykaryldy.

Tälimçi Luis Enrike onuň ornuna “Barselonada” çykyş edýän 19 ýaşyndaky Alehandro Balde Katara çagyryldy. Şu möwsümde katalonlaryň düzüminde 12 duşuşyk geçiren Balde milli toparda ilkinji gezek çykyş eder.Ispaniýanyň ýygyndysy “E” toparçada Kosta Rikadyr Ýaponiýa hem-de Germaniýa bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Barselona çempionatyň tamamlanmazyndan 4 tapgyr ozal Ispaniýanyň çempiony boldy
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy garyşykda ýaý bilen atmakda altyn medal gazandy
Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy
ABŞ wenesuelaly bosgunlary gorag astyna aldy