Fleýk: "ABŞ Egeý deňizindäki meselede tarap tutýan çemeleşmesi ýok" diýdi

Fleýk: "ABŞ Egeý deňizindäki meselede tarap tutýan çemeleşmesi ýok" diýdi

ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeffri L. Fleýk: "NATO-daky hyzmatdaşlarymyz bolan Türkiye we Gresiýa bilen howpsuzlyk ugrundaky hyzmatdaşlygymyz, ýaranlaryň birine garşy tarap tutmak ýa-da deňagramlylygy bozmak ýaly çemeleşmä esaslanmaýar" diýip belledi.

ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeffri L.Fleýk, resmi Waşingtonyň Egeý deňizindäki çemeleşmesi bilen baglanşykly, ilçihananyň sosial media hasabyndan beren beýannamasynda: "Soňky wagtlarda maňa ABŞ-nyň Egeý deňizindäki howpsuzlyk bilen bagly çemeleşmesinde üýtgeşmäniň bolup-bolmandygy bilen bagly soraglar berilýär. Şol soraga jogabym Ýok.

NATO-daky hyzmatdaşlarymyz bolan Türkiye we Gresiýa bilen howpsuzlyk ugrundaky hyzmatdaşlygymyz, ýaranlaryň birine garşy tarap tutmak ýa-da deňagramlylygy bozmak ýaly çemeleşmä esaslanmaýar" diýip nygtady.

Ilçi Fleýk, esasy maksatlarynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegidigini belläp: "Häzirki wagtdaky umumy tagallalarymyz, Russiýanyň Ukrainadaky rehimsiz we sebäpsiz söweşini bes etmekden ybaratdyr.Türkiye esasan hem azyk howpsuzlygy ugrunda uly işler amala aşyryp, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dialogy özgerdip, örän gymmatly goldaw bermäge dowam edýär.

Gresiýa bilen goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlygymyz, Ukrainany we Orta we Gündogar Ýewropadaky NATO hyzmatdaşlarymyzy goldap, NATO-nyň gündogar ganadyny güýçlendirmekdir.NATO-daky hyzmatdaşlarymyz bolan Türkiye we Gresiýa bilen esasy maksadymyz, sebitiň ähli ýerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegidir" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Russiýa NATO-nuň Giňelmegine Garşy Iki Harby Sebit Döretdi