Forbes dünýäniň iň baý adamlary

“Forbes” žurnaly her ýylda mälim edýän sanawynyň 33-njisini neşir etdi.Onuň başyny dünýäniň iň baý adamy “Amazon” kompaniýasynyň başlygy Jeff Bezos çekýär.Bezosyň baýlygy häzirki wagtda 131 milliard dollara deňdir. “Microsoft” kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts sanawyň ikinji ornuna düşdi.

Köp ýyllardan bäri “Forbes”-iň sanawynyň başyny çekip gelýän Bill Geýtsiň ýyllyk girdejisi 6,5 milliard dollar artyp, häzirki wagtda 96,5 milliard dollara deňdir.Amerikanyň taryhynda iň meşhur maýadarlaryň biri “Berkshire Hathaway” korporasiýasynyň başlygy Uorren Baffet üçünji orna bellige alyndy.

Onuň baýlygy 82,5 milliard dollara deňdir.Amerikan žurnaly “Forbes”-iň maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý zenany “L’Oréal” kompaniýasynyň mirasdüşeri Fransuaza Bettankur Maýersdir. Žurnal Bettankur Maýersiň 49,3 milliard dollara eýedigini habar berýär.

Geçen ýyl ol kosmetika kompaniýasynyň girdejileriniň artmagynyň hasabyna 7,1 milliard dollar baýapdyr.2019-njy ýylyň reýtinginde ähmiýetli waka hem bolup geçdi.Amerikan fotomodeli we telekeçisi Kaýli Jenner “Forbes” neşiriniň reýtingleriniň taryhynda 1 milliard dollara eýe bolan iň ýaş milliarder boldy.

Onuň bary-ýogy 21 ýaşy bar.

Ýene degişli makalalar

"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Forbes iň baý adamlary
Dünýäniň iň baý aýaly
Forbes dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp