Formasyna 1000 sany mahabat alan topar

Formasyna 1000 sany mahabat alan topar

Perunyň 3-nji ligasynda çykyş edýän “Deportiwo Munisipal” kluby ykdysady taýdan çekýän kynçylyklaryny täsin usulda ýeňmegi başardy.Toparyň ýolbaşçylary täsin ýola baş goşup, formanyň ähli ýerini mahabat bilen doldurdylar. Ýagny forma her boş ýeri 60 dollara kompaniýalara satdy.

Netijede, bu täsin pikir 3 aýyň dowamynda 1000 sany mahabaty özüne çekdi. Şondan soň, özboluşly bezeg edilip, ähli mahabat beren firmalaryň, janköýerleriň atlary kiçi görnüşde formanyň hemme ýerine owadan dizaýn bilen ýerleşdirildi. Şeýlelikde, futboly topary gyssagly gerek bolan maliýe serişdesini tapyp, kynçylyklaryň belli bir bölegini ýeňmegi başardy.

Klub geçen möwsüm maliýe ýetmezçilik sebäpli 2-nji ligadan 3-nji liga düşürilipdi. Klub 1935-nji ýylda esaslandyrylyp, 1950-nji ýyla çenli 4 gezek Perunyň iň ýokary ligasynda çempionlyk gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Soňky 7 ýylda 3-nji gezek yklymyň iň uly kubogyny gazandy
“Albasete” taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňip, Şa Kubogyndan çykardy
Çempionlyga garaşýan çempionlar
Maradona 59 ýaşady
Transfer täzelikleri
UEFA Çempionlar ligasy