Formula-1-de 2022-nji ýylyň möwsümi üçin ähli toparlaryň düzümi belli boldy. Diňe “Alfa Romeo” doly derejede taýýar däldi diýip, Day.az habar berýär.
Ýöne täzelikde ikinji sürüjiniň hytaýly Guanýuý Çžou boljakdygy belli boldy.Ol “Formula-1-de” öz ýurdunyň ilkinji wekili bolar.Belläp geçsek, 22 ýaşly sürüji “Alpin” akademiýasynyň talybydyr.
Ol “Formula-3-de” iki möwsümi we “Formula-2-de” ýene üç möwsümi geçirdi.Onuň “Alfa Romeo” alynmagynyň esasy sebäbi puldur.Radio Monte-Carlo Motori-niň habar bermegine görä, Çžou italiýalylara, takmynan, 35 mln dollar getirer.
Alfa Romeo-da hytaýly sürüji Italiýanyň wekili Antonio Jowinassiniň ornuny çalşyrar. Çžounyň topardaşy häzirki wagtda “Mersedesde” çykyş edýän finlýandiýaly Waltteri Bottas bolar.
2022-möwsümi üçin sürüjileriň doly düzümi: