France Football: Pedri - ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy

France Football: Pedri - ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy

“Barselonanyň” hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Pedri France Football neşiri tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy diýlip saýlandy. Bu barada championat.com habar berdi.

19 ýaşly oýunça Parižde geçirilen dabarada Raýmon Copa baýragy gowşuryldy.

Bu baýraga Meýson Grinwud ("Mançester Ýunaýted", 20), Jamal Musiala ("Bawariýa", 18), Jud Bellingem (Dortmundyň "Borussiýasy", 18) we Nuno Mendeş ("PSŽ", 19) dagylar hem dalaş etdiler.

Geçen möwsümde Pedri La Ligada "Barselona" üçin 37 oýunda 3 gol geçirdi we 3 asist pasyny berdi. Tomusda ýaş ýarymgoragçy Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Ýewropa çempionatynyň ýarym finalyna çykdy, soň bolsa Olimpiýa ýygyndy toparynyň düzüminde Tokiodaky oýunlarda kümüş medal aldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy
“Barselonanyň” oýunçysy 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy
Dünýäniň iň gymmat futbolçylary
Altyn pökginiň haçan gowşuryljakdygy belli boldy
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Altyn topa dalaşgärleriň sanawyna girmedi