Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Altyn topa dalaşgärleriň sanawyna girmedi

Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Altyn topa dalaşgärleriň sanawyna girmedi

Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" klubunyň we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň ady France Football žurnaly tarapyndan iň gowy futbolça gowşurylýan "Altyn top" baýragyna dalaş edýän 30 türgenden ybarat sanawa düşmedi diýip, baýragyň Twitterdäki sahypasynda habar berilýär.

Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany alan "Altyn toplarynyň" sany (7) boýunça rekordçy hasaplanýar.Ol bu baýragy soňky gezek 2021-nji ýylda gazandy.Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek "Altyn pökgä" dalaş edýän 30 dalaşgäriň hataryna goşulmady. 2022-nji ýylda "Altyn top" ilkinji sapar senenama ýylynyň däl-de, möwsümiň jemi boýunça gowşurylar.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy 17-nji oktýabrda Parižde Teatr dýu Şatle-de geçiriler.Geçen möwsümde Messi "Pari Sen-Žermen" üçin ähli turnirleriň 34 oýnuna gatnaşdy.Olarda alty gol geçirip, 15 gezek netijeli pas berdi we parižliler bilen bilelikde Fransiýanyň çempiony boldy.

Ýene degişli makalalar

Messi sekizinji gezek Altyn topa mynasyp boldy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Kurtua iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyna mynasyp boldy
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy
Şu gün 2022-nji ýylyň Altyn topunyň eýesi yglan ediler