Fransiýa ABŞ-a täze Azatlyk heýkelini iberýär

Fransiýa ABŞ-a täze Azatlyk heýkelini iberýär

Fransiýa ABŞ-a iki ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde şu ýylyň 7-nji iýunynda täze Azatlyk heýkelini iberer. Bu barada "Le Journal du Dimanche" neşri habar berdi.

Fransiýanyň ABŞ-a täze heýkel ibermek pikiri 2019-njy ýylda ýüze çykdy, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli taslama yza süýşürildi.

Boýy 2,83 metr bolan ikinji Azatlyk heýkeli şu ýylyň 7-nji iýunynda ABŞ-a iberiler.Bu heýkel ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününde — 4-nji iýulda Nýu-Ýorka getiriler.

Ilki bilen Azatlyk heýkeli Azatlyk adasyndan 1,6 km uzaklykda, Emigrasiýa muzeýiniň ýerleşýän Ellis adasynda gurlar.Soňra Waşingtona äkidiler we Fransiýanyň ilçisi Filipp Etiýeniň bagynda gurlar.Ikinji Azatlyk heýkeli ABŞ-da 10 ýyl saklanylar, soňra bolsa Fransiýa gaýtarylyp berler.

Fransiýa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna XIX asyrda Bütindünýä ýarmarkasynyň we Amerikanyň garaşsyzlyk jarnamasynyň 100 ýyllygy mynasybetli ilkinji azatlyk heýkeli sowgat berdi.Bu heýkel iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi.

Ilkinji Azatlyk heýkeli-de Fransiýada arhitektor Gustaw Eýfel tarapyndan döredilipdi we 1885-nji ýylyň ýazynda ABŞ-a getirilipdi.Ilkinji Azatlyk heýkeliniň açylyş dabarasy1886-njy ýylda bolup geçdi.Häzirki wagtda 93 metr beýiklikdäki bu ýadygärlik

Manhettenden üç km uzaklykda, ýokarky Nýu-Yorkork portunda ýerleşýär. Bu ýer ABŞ-nyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen iň gözel ýerlerinden biridir.

Ýene degişli makalalar

Uly Barýer rifinde balygyň täze görnüşi tapyldy
Ikinji tapgyry geçiriler
Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
Çepçi dalaşgäriň ilkinji ýeňşi
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy
Gustawo Petro kasam kabul etdi
Gustawo resmi ýagdaýda Kolumbiýanyň prezidentiniň wezipesine girişdi