Fransiýanyň çempionatynda 36-njy tapgyrda ýeňiş gazanan PSŽ çempion diýen ýaly. 2-nji ýerdäki Lansdan 6 utuk öňde barýan PSŽ myhmançylykda Oseri Kilian Mbappeniň 6-njy we 8-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-1 ýeňdi.
Lans hem myhmançylykda Loriýan toparyny 3-1 hasabynda ýeňmegi başardy. Şunlukda, PSŽ bilen Lansyň arasyndaky 6 utuklyk aratapawut saklanyp, galan 2 oýunda parižlilere 1 utuk hem ýeterlik.Lans 2 oýunda ýeňiş gazanyp, PSŽ 2 oýunda utulan ýagdaýynda-da parižlileriň +50, Lansyň +34 gol aratapawudy bar.
Başgaça aýdylanda, Lans 2 duşuşykda geçirtmezden azyndan 16 gol geçirmeli bolar.