Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ertir ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary geçiriler

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ertir ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary geçiriler

Ertir ― 1-nji fewralda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler. Duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabat stadionynyň merkezi meýdanynda bolar.

Gündiz sagat 14:30-da Ahal bilen Altyn asyr duşuşar. Çempionatyň ilkinji iki ornuny eýelän toparlaryň arasyndaky duşuşygyň baş emini Resul Mämmedow bolar. Oňa Pälwan Pälwanow bilen Eziz Annamyradow ýardam berer. Jumamyrat Jumamyradow bolsa duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolar.

Köpetdag bilen Şagadamyň arasyndaky duşuşyk hem şu stadionda geçiriler. Begenç Allaberdiýewiň baş eminlik etjek duşuşygy öýlän sagat 17:30-da başalanar. Aşgabadyň ajaýyp agşamyna futbol şowhunyny bagyşlajak duşuşykda baş emine Ahmet Begnazarow bilen B.Atdyýew ýardam berer.

Türkmenistanyň çempionaty Altyn asyryň çempionlygy, Ahalyň kümüş medaly eýelemegi bilen tamamlandy. Ozal hem aýdyşymyz ýaly, çempion eýýäm AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýerini berkitdi. Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň ― AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna goşulmak üçin Ahala ilki finala çykmak, soňra-da Kubogy gazanmak gerek.

Köpetdag bilen Şagadamyň arasyndaky duşuşyk hem ünsi özüne çekýär. Çempionaty üçünji orunda tamamlan Şagadam indiki ýyl yklym ýaryşlaryna bir ädim hem bolsa ýakyn geldi. Ýakynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ygtyýarnamasyny geçen Köpetdag bolsa iň bolmanda AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin bu ýaryşa uly üns bermeli we bar güýji bilen göreşmeli bolar.

Bu jübütleriň arasyndan finala çykyp bilen toparda yklym ýaryşyna bolan ynam güýçlener.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Çarşenbe güni futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler
Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy
Prezidentiň garyndaşynyň awçylary kemsidýän wideosy seslenme döretdi
Türkmenistan Dünýäniň merjeni 2022 bäsleşigine gatnaşdy, aşgabatly konditeriň hakyky şekillere meňzeş tortlary, bilelikdäki rus-türkmen uniwersiteti we beýleki habarlar
Türkmenistan bilen Marokkanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda maslahat geçirildi
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler