Türkmenistan bilen Marokkanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda maslahat geçirildi

Türkmenistan bilen Marokkanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik ylymlary akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly tegelek stol maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we Marokko Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň direktory Mohammed Hişam Bensoltan gatnaşdylar.

TDIM-niň HGI-niň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatyň başynda taraplar ýokary okuw mekdepleriň alyp barýan ylym-bilim, okuw-terbiýeçilik işleri barada özara pikir alyşdylar.Onuň dowamynda 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Ýapniýanyň Soka uniwersitetiniň wekilleri özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Tokio şäheriniň häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy