Futzal boýunça Aziýa çempionatlarynyň taryhyndan

Dördünji çempionat

424862.jpgFutzal boýunça 4-nji Aziýa çempionaty 2002-nji ýylyň 2230-njy oktýabry aralygynda Indoneziýada geçirilýär.Duşuşyklar ýurduň paýtagty Jakartadaky “Istora Senaýan” stadionynda oýnalýar. Çempionata 14 ýygyndy gatnaşyp, olar 3 toparçada çykyş edýär. “A” toparçada Koreýa Respublikasy, Tailand, Yrak, Bahreýn, Bruneý, “B” toparçada Eýran, Özbegistan, Hytaý Taýpeýi, Malaýziýa, “C” toparçada Indoneziýa, Ýaponiýa, Kuweýt, Gyrgyz Respublikasy, Hytaý döwletleriniň ýygyndylary özara güýç synanyşýar. Ýer eýesi Indoneziýa bilen bir hatarda, Hytaýyň, Bahreýniň hem-de Bruneýiň ýygyndylary ilkinji ýola çempionata wekilçilik edýär.

“A” toparçada Tailandyň ýygyndysy ýeňlişsiz 1-nji orny eýeleýär.Olar 12-nji duşuşyklarynda uly hasaply ýeňişler gazanýar. Ýagny Bruneýi 141, Bahreýni 124 hasabynda ýeňýär.Soňky 2 duşuşygynda koreýlerden 42, yraklylardan hem 31 üstün çykýar.

Toparçada 2-nji ýere Koreýa Respublikasynyň, 3-nji orna-da Yragyň ýygyndysy mynasyp bolýar.Olaryň ikiçäk oýnunda koreýler 85 ýeňiş gazanýar.Toparçadaky iň uly hasaply duşuşykda Yragyň ýygyndysy ilkinji gezek gatnaşýan Bruneýi 201 ýeňlişe sezewar edýär.

“B” toparçada 3 oýunda 38 gol geçirip, toruna 1 pökgi goýberen Eýranyň ýygyndysy säwliksiz ýoluny dowam edýär. Ilkinji 3 çempionatyň çempiony Eýranyň milli topary özbekleri 50, malaýlary 170 hasaplar bilen utýar. Olar Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny hem 161 hasabynda ýeňýär. Toparçada 2-nji orna Malaýziýany 71, Hytaý Taýpeýini 51 ýeňen Özbegistanyň ýygyndysy mynasyp bolýar.

“C” toparçada o diýen uly bolmadyk hasaplar bilen 4 oýunda-da ýeňiş gazanan Ýaponiýanyň ýygyndysy öňdäki orny eýeleýär. Ýaponlar ýer eýelerini 51, gyrgyzlary 21, Hytaýy 72 hem-de Kuweýti 20 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.

Geçirilen oýunlardan soň, Kuweýt bilen Gyrgyz Respublikasy hem Ýaponiýadan soň, çärýek finala çykmaga hukuk gazanýar.Toparçadaky iň uly hasaply ýeňiş gazanylan oýunda Kuweýtiň milli topary Hytaýyň ýygyndysyny 151 ýeňýär.

Çärýek finalda Tailandyň ýygyndysy Yragy 52, Eýranyň ýygyndysy Gyrgyz Respublikasyny 102, çekeleşikli geçen beýleki 2 duşuşykda bolsa, Ýaponiýa Özbegistany 10, Koreýa Respublikasy Kuweýti 76 hasaplar bilen utýar.

Ýarym finalda Ýaponiýa Tailanddan 30 üstün çykyp, ilkinji gezek finala çykmagy başarýar. Eýranyň ýygyndysy bolsa, deňeçerräk dowam eden oýunda koreýleri 74 hasap bilen ýeňip, bassyr 4-nji ýola finalçy bolýar.

Final duşuşygynda Eýranyň ýygyndysy Ýaponiýanyň ýygyndysyny 60 hasabynda ýeňip, 4-nji kubogyny hem asmana göterýär. Oýunda Wahid Şamsaei 2 gezek tapawutlanýar.

Çempionatda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny 42 ýeňen Tailandyň ýygyndysy 2000-nji ýyldan soň, 2-nji gezek bürünç medala mynasyp bolýar.

Tailandyň ýyldyz futzalçysy Anuça Munjarern çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlanýar. Bu baýrak çempionatyň çäginde ilkinji gezek gowşurylýar. 26 pökgini tora girizen Wahid Şamsaei ýene bir ýola çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolýar.

Çempionatda oýnalan 34 oýunda 307 gol hasaba alynýar. Bu bolsa ortaça her duşuşyga 9,03 goldan düşýär diýmekdir.

Bäşinji çempionatFutzal boýunça 5-nji çempionaty Eýran döwleti gurap, ol 2003-nji ýylyň 27-nji iýulyndan 6-njy awgusty aralygynda geçirilýär.Ikinji gezek Eýranda geçirilen çempionata 16 ýygyndy gatnaşyp, olar 4 toparçada çykyş edýär.

Duşuşyklar Tährandaky “Azadi” hem-de Karaj şäherindäki “Enghelab” sport toplumlarynda oýnalýar. Ýaponiýanyň, Kuweýtiň, Makaonyň, Palestinanyň ýygyndylary “A” toparçany düzse, Koreýa Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Hytaý Taýpeýiniň hem-de ilkinji gezek gatnaşýan Gonkongyň milli toparlary “B” toparça düşýär. “C” toparça Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaýyň hem-de ilkinji gezek gatnaşýan Liwanyň ýygyndylary wekilçilik edýär. “D” toparçada bolsa, Tailandyň, Özbegistanyň, Yragyň we Malaýziýanyň ýygyndylary özara güýç synanyşýar.“A” toparçada ýaponlar 3 duşuşygynda-da ýeňiş gazanýar. Ýagny olar Palestinany 40, Makaony 111 hem-de Kuweýti 50 utýar.

Makaodan 121, Palestinadan hem 117 üstün çykan Kuweýt toparda 2-nji ýeri eýeleýär. “B” toparçadaky duşuşyklar başa-baş ýagdaýda geçip, 3 oýunda-da ýeňilmedik koreýler çärýek finala ýollanma alýar.

Olar Gonkongy 52, Indoneziýany 64 hem-de Hytaý Taýpeýini 74 utýar. 2-nji basgançagy eýelän Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy Gonkongdan 43, Indoneziýadan 64 üstün çykýar.“C” toparçada Eýranyň ýygyndysy ýene-de uly hasaply ýeňişlerini dowam edýär. Çempionat başlany bäri ýeňilmän gelýän Eýranyň ýygyndysy Liwany 152, Gyrgyz Respublikasyny 101 hem-de Hytaýy 122 hasaplar bilen utýar.

Toparçadaky 2-nji çärýek finalçy gyrgyzlar bolýar.“D” toparçada 11 gol geçirip, 1 gol geçirden Tailand ýeňlişsiz çärýek finala çykýar.Olar Yragy 3-1, Malaýziýany 70, şeýle-de Özbegistany 10 ýeňýär.

Galan 2 duşuşygynyň hersinde (Yragy 53, Malaýziýany 51 utýar) 5 goldan geçiren özbekler çärýek finala adyny ýazdyrýar.Çärýek finalyň 2 duşuşygynda yklymyň güýçli ýygyndylary garşydaşlaryndan uly hasap bilen üstün çykýar. Ýagny Ýaponiýanyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýini 70, ýer eýeleri Eýranyň ýygyndysy bolsa, Şamsaeiniň 3 gol geçiren oýnunda Özbegistany 72 hasabynda ýeňýär.

Tailandyň milli topary Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyny 21 utýar.Esasy wagty deňlikde tamamlanan duşuşykda Kuweýtiň ýygyndysy penaltilerden soň, Koreýa Respublikasyny ýaryşdan çykarýar (11, 65 p).Ýarym final duşuşygy hem ýer eýeleri üçin ýeňil bolýar.

Olar 4 oýunçysynyň 2 gol geçiren duşuşygynda Kuweýtiň ýygyndysyny 102 hasabynda ýeňýär. Ýeňijisi goşmaça wagtda kesgitlenen duşuşykda Ýaponiýa Tailanddan 3-2 üstün çykyp, bassyr 2-nji sapar finala adyny ýazdyrýar.Final duşuşygy ozalkylara garanyňda, diýseň çekeleşikli geçýär.

Eýranyň ýygyndysy 6 minutda 3 gol geçirýär.Soňra ilkinji ýarym sagat tamamlanmanka, hasap 43 bolup, ýaponlar hasaby deňlemäge golaý gelýärler. Ýöne ahyrynda Eýranyň ýygyndysy 64 hasabynda bassyr 5-nji çempionlygyny gazanyp, yklymda özüniň taýsyzdygyny ýene bir ýola subut edýär.

Duşuşykda çempion bolan toparyň gollarynyň 4-sini Wahid Şamsaei, beýleki 2-sini bolsa, Mohammed Heidarian derwezä girizýär.3-nji ýer ugrundaky duşuşykda-da 10 gol hasaba alnyp, 82 ýeňiş gazanan tailandly futzalçylar yzly-yzyna 2-nji, umumylykda 3-nji gezek bürünç medaly eýeleýärler.Çempionatyň çempionynyň üýtgemeýşi ýaly, iň netijeli futzalçysy hem üýtgemän 24 goly derwezä girizen Wahid Şamsaei bassyr 3-nji gezek bu hormata mynasyp bolýar.

Ol bu sapar çempionatyň iň ökde oýunçysy baýragy bilen hem sylaglanýar.Çempionatda 32 duşuşyk oýnalyp, jemi 286 gol (ortaça 8,94 gol) derwezä girizildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldy
ŞAMSAEINIŇ ULY GOŞANDY
Ýaponiýa bu gezek ýeňşe golaýlady
Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň taryhyndan
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi