ŞAMSAEINIŇ ULY GOŞANDY

Futzal boýunça 3-nji Aziýa çempionaty mundan öňki 2 ýaryşyň ýeňijisi Eýranda geçirilýär.Duşuşyklary Tährandaky “Azadi Arenada” geçirilen çempionata 14 ýygyndy gatnaşýar. “A” toparçada Eýranyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, Hytaý Taýpeýiniň, Palestinanyň, “B” toparçada Gazagystanyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Kuweýtiň, Täjigistanyň, “C” toparçada Tailandyň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Yragyň ýygyndylary özara duşuşýar.

Olaryň 5-si (Hytaý Taýpeýi, Kuweýt, Täjigistan, Yrak, Palestina) ilkinji gezek wekilçilik edýär.Käbir duşuşyklara ser salanymyzda, Eýranyň ýygyndysy uly hasaply ýeňişleriniň hataryna ýene birnäçesini goşýar. Ýer eýeleri Palestinany 164, Singapury 280, Hytaý Taýpeýini 101 hem-de Ýaponiýany 84 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.

Ilkinji gezek gatnaşýan Palestina hem erjel oýun görkezýär we 3 oýunda ýeňiş gazanýar. “B” toparçadaky oýunlaryň aglabasy deňeçerräk ýagdaýda geçýär.Netijede, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary 12, Kuweýt bolsa, 3-nji orny eýeleýär we çärýek finala çykýar. “C” toparçada Tailand gyrgyzlardan 43 utulyp, ýeňliş bilen başlasa-da, ahyrynda koreýleri 104, Yragy 82 ýeňýär we 1-nji orna mynasyp bolýar.

Yrakdan 31, Gyrgyz Respublikasyndan 84 üstün çykan koreýler 2-nji ýeri eýeleýär.

Çärýek finalda Eýranyň ýygyndysy Kuweýtiň milli toparyny 182 hasabynda ýeňýär.Gazaklar bilen ýaponlaryň arasyndaky oýunda bu gezek Ýaponiýa ýeňşini baýram edýär (22, 76 p).Goşmaça wagtda ýeňijisi kesgitlenen oýunda Özbegistan Tailanddan 43 üstün çykýar. Çekeleşikli geçen oýunda-da Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy Palestinany 32 utýar. Ýarym finalda-da Eýranyň ýygyndysy Ýaponiýany 82 hasaby bilen ýeňse, özbekler koreýleriň derwezesinden jogapsyz 4 pökgi geçirýärler.

Ilkinji gezek finala çykan Özbegistanyň ýygyndysy bilen 2 gezek çempion Eýranyň ýygyndysynyň arasyndaky duşuşykda has tejribeli ýygyndy uly hasaply ýeňiş gazanýar. Ýyldyz futzalçy Wahid Şamsaeiniň 4 gol geçiren oýnunda Eýranyň ýygyndysy 90 hasabynda garşydaşyndan üstün çykýar.

Çempionatyň bürünç medalyny-da koreýaly futzalçylar boýunlaryna dakýarlar. Olar bu ugurda Ýaponiýanyň ýygyndysyny 21 hasap bilen ýeňmegi başarýarlar. Ýaponlar bassyr 3-nji gezek 4-nji orny eýeleýär.

Çempionatyň iň netijeli hüjümçisi eýranly Wahid Şamsaei bolup, ol toparynyň geçiren 97 golunyň 31-sini öz adyna ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldy
Futzal boýunça Aziýa çempionatlarynyň taryhyndan
Ýaponiýa bu gezek ýeňşe golaýlady
Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň taryhyndan
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi