Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň ýene bir möwsümi tamamlandy. Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçi futzal topary 28 duşuşykda 72 utuk toplap, ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy.

Tutuş möwsümiň dowamynda Deňizçiniň çempionlyk üçin esasy göreşi Aşgabadyň Köpetdag futzal topary bilen alyp barandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, kenarýaka şähere wekilçilik edýän topar ahyrky tapgyrlarda has üstünlikli ýaryşyp, möwsümi esasy bäsdeşinden 3 utuk öňde tamamlamagy başardy. Ýaryş tertibi Deňizçiniň 28 duşuşygyň 23-sinde ýeňiş gazanyp, 3-sinde deňme-deň oýnap, diňe 2 duşuşykda ýeňlendigini görkezýär.

Toparyň futzalçylary bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 136 pökgi geçirip, öz derwezesinde 40 pökgi gördüler. Şeýlelikde, Deňizçiniň bassyr iki ýyl bäri Türkmenistanyň çempiony bolup gelýändigini ýatladýarys.

Ýaryş tertibinde ikinji orny eýelän hem bolsa Köpetdag möwsümde iň kän pökgi geçiren topar boldy. Toparyň futzalçylary 28 duşuşykda jemi 159 gezek tapawutlandylar. Duşuşyklaryň 22-sinde ýeňiş gazanan Köpetdag 3 gezek deňme-deň oýnap, şonça gezek hem garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Möwsümde öňdebaryjylaryň ikisi bilen hem mynasyp oýun görkezmegi başaran Senagatbank futzal topary ýaryşda üçünji orny eýeledi. Topar 57 utuk toplap, bürünç medal ugrundaky esasy bäsdeşi bolan Gümrükçiden 2 utuk öňe saýlanmagy başardy.

Ýaryş tertibi ilkinji dört ornuň eýesiniň aşaky dörtlükden arany has açandygyny görkezýär. Eger möwsümi dördünji orunda tamamlan Gümrükçi 55 utuk toplap bilen bolsa, bäşinjilikdäki TNGIZT 23 utuk bilen möwsümi tamamlady. Şeýle hem Daşoguz topary 22, Ahal 18, Milli goşun 10 utuk gazandy.

Deňizçi Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň çempiony hökmünde öňümizdäki ýylda futzal boýunça AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýurdumyza wekilçilik eder.

Möwsümiň ahyrynda käbir şahsy baýraklar hem gowşuryldy.Deňizçiniň baş tälimçisi Ýakup Öwezow möwsümiň gowy tälimçisi üçin goýlan baýraga mynasyp bolan bolsa, bu toparyň derwezeçisi Meretgeldi Baýramow Iň ökde derwezeçi diýlip yglan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Daşoguz toparyndan Hamid Menlibaýewe Janköýerleriň söýgüsine mynasyp bolan oýunçy baýragyny gowşurdy.

Möwsümiň iň kän pökgi geçiren futzalçysy ― Köpetdagyň wekili Gurbangeldi Sähedow Iň ökde oýunçy baýragynyň hem eýesi boldy.Möwsümde iň arassa oýny orta goýan topar bolsa TNGIZT boldy.

Ýene degişli makalalar

Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy