Gadymy altyn ýüzük tapan erkek kişi millioner boldy

Gadymy altyn ýüzük tapan erkek kişi millioner boldy

Beýik Britaniýaly erkek kişi meýdanda altyn ýüzük tapdy, ol gadymy tapyndy bolup çykdy. Ol ýüzügi auksionda satyp, 23 müň funt sterling (2,5 million rubl töweregi) gazandy diýip, MIR 24 ýazýar.

Albert Teýlor Rokswel şäherinden uzakda bolmadyk ýerde gezim edip ýörkä, ýüzük tapdy, agramy 8 gram bolan ýüzügiň gaşynda ganatlaryny geren ýyrtyjy guş şekillendirilipdir. Şeýle-de, onda al for ye best, ýagny ählisi oňat bolar diýen ýazgy haşamlanan ekeni.

Erkek kişi ilki tapyndyny Britan muzeýine hödürledi, ýerli häkimiýetlere habar berdi, emma hiç kim muňa o diýen ähmiýet bermedi. Britaniýaly ahyry ýüzügi Londondaky söwda-satyg auksionynda 18 müň funt sterlinge satdy, toplaýjylaryň hakyny goşmak bilen, Teýlor 23,4 müň funt sterling gazandy.

Brett Hammond auksion öýüniň wekiliniň sözlerine görä, ýüzük Angliýada XIV asyrda ýaşan kazy Uilýam Skrine degişli bolmaly.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Soňky synanyşygyndan öň sekizinjidi, çempion boldy
Soňky synanyşygyndan öň sekizinjidi, çempion boldy
Nowak nobatdaky rekordy täzeledi
Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Teýlor Swiftiň film-konserti kassa ýygymlary boýunça Jokerden öňe geçer
Teýlor Swift milliarderler boldy