Gadymy Amul galasy barada halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

Gadymy Amul galasy barada halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

Türkmenistanda Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Häzirki wagtda ýurtda oňa taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hemaýat-goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýokary derejeli gatnaşyklar has-da berkidilýär.

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň 25-26-njy aprelinde "Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan --- Garagum geçelgesiniň" çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli "Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guralar.

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybarat.

Halkara maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň we ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasy hem türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere "Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy" atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, onuň işine alymlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Dünýäde iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylar?
Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň...