Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine ýardam berýär.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi
Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar