Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda gürrüňdeşlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary, türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýandygy şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem rus, iňlis we dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň şeýle ajaýyp mekanda dynç almaklary, wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Eziz Watanymyz Türkmenistan
Akyl hazynasy
Ertekiler dünýäsine syýahat
Pekinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi
Nusga öwrülen ömür
Öňe barýar ýurdum bedew badynda, gudrat bardyr eziz Watan adynda